Yandex içerki maglumatlaryň syzmagy bilen baglanyşykly hadysany ýüze çykardy
Yandex howpsuzlyk gullugy içerki maglumatlaryň syzmagy bilen baglanyşykly hadysany ýüze çykardy. Derňewiň netijelerine görä, kompaniýanyň işgärlerinden biri ulanyjylaryň elektron poçta gutusyna rugsatsyz girmek mümkinçiligini berýärdi.
Ýaramaz niýetli ulanyjy hyzmatyň tehniki goldawy bilen üpjün etmek boýunça iş wezipelerini ýerine ýetirmek üçin girmek rugsady bolan üç sany ulgam administratorlaryň biri bolup çykdy. Onuň amala aşyran işiniň netijesinde 4887 sany elektron poçta gutulary döwüldi.
“Häzirki wagtda döwülen poçta gutularyna rugsatsyz girmek mümkinçiligi petiklendi. Olaryň eýelerine hasaba alyş ýazgylarynyň açar sözlerini üýtgetmek zerurlygy barada habar iberildi”, - diýip Yandex kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.
Ýüze çykarylan hadysa boýunça içerki derňew işleri geçirilýär we bu derejedäki rugsady bilen administratiw hukuklary bolan işgärleriň iş prosesi täzeden gözden geçiriler.
Çeşme: securitylab.ru
16 Fewral 2021