Mekotio bank trojanyň täze görnüşi ulanylyp başlandy
Mekotio ady bilen tanalýan bank troýanynyň täze wersiýasy bank pudagynyň IT ulgamlarynda duş gelmäge başlady, analitikler bu zyýanly programma üpjünçiliginiň täze görnüşiniň ulgamlara ýokaşmak üçin has kämil usullary ulanýandygyny habar berýärler. Şugüne çenli Mekotio zyýanly programma üpjünçiligi 2020-nji ýylyň tomus aýlarynda Latin Amerika ýurtlaryna garşy gönükdirilmegi bilen tanalýardy. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu gezek hem ýokaşmany başlamak üçin ulanylýan fişing hatlarynyň dili ispan dili bolany üçin nyşana alynýan ýurtlaryň Latin Amerika ýurtlarydygy çaklanylýar.
Ýokaşma, içinde Powershell skriptini işledýän skripti öz içinde saklaýan ZIP arhiwi bilen başlaýar we ol ZIP arhiw fişing hatynyň üsti bilen ulanyja ýetirilýär. Ulanyjynyň ulgamyna düşen skript ilki bilen birnäçe barlaglary ýerine ýetirýär we soňra 2-nji ZIP arhiwi ýükläp alýar. Eger geçirilen barlaglaryň netijesinde ulgamyň Latin Amerika ýurtlarynyň birinde ýerleşýändigi we onuň wirtual ulgam däldigi tassyklansa, onda içinde Mekotio zyýanly programma üpjünçiligi ýerleşdirilen 2-nji ZIP arhiwi çykarýlýar.
Çeşme: bleepingcomputer.com
04 Noýabr 2021