Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Kwant kompýuteri AES şifrlemesiniň gowşaklyklaryny ýüze çykardy

Terra Quantum AG IT-kompaniýasynyň bilermenleri kwant kompýuteriniň üsti bilen AES kriptografiki algoritminde gowşaklyklary ýüze çykardylar. Kompaniýanyň gelen netijesine görä, hatda iň güýçli AES wersiýalarynyň şifri hem kwant kompýuterleri bilen birnäçe ýylyň dowamynda açylmagy mümkin.

Bu meseleler tordaky bar bolan maglumatlaryň, bank dolanyşyklaryň, elektron poçtalaryň gizlinligini howp astyna salýarlar, şeýle hem Google, Microsoft, we IBM ýaly uly  kompaniýalar üçin agyr netijeleri getirip bilýärler.

Bilermenleriň belläp geçmegine görä, gowşaklyklar Advanced Encryption Standard (AES) simmetriki bölekleýin şifrleme algoritminde ýüze çykaryldy. Terra Quantum AG kompaniýasynyň direktory Markus Pfliçiň (Markus Pflitsch) belläp geçmegine görä, olar kwant kompýuterleriniň üsti bilen şifrleme algoritmiň ygtybarly bolmadygyny diňe anyklamagy däl, eýsem subut etmegi hem başardylar.

Çeşme: securitylab.ru

09 Fewral 2021

-
83