Microsoft Edge täzelenmesi köp sanly gowşaklyklary düzetdi
Microsoft Edge brauzeri Microsoft kompaniýasy tarapyndan döredilen Chromium esasyndaky internet brauzeri bolup, deslapky görnüşde ähli täze Windows kompýuterlerinde gurnalýar. Microsoft Edge brauzeriň köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Gowşaklyklar Microsoft Edge 95.0.1020.30 wersiýasyna çenli çykan ähli wersiýalara täsir edýärler. Gowşaklyklar barada giňişleýin maglumat:
Maglumatlary aýan etmek gowşaklygy - CVE-2021-42307;
Skia hereketlendirijisinde buferiň aşa dolmagy gowşaklygy - CVE-2021-37981;
Incognito ýagdaýynda boşadylan ýady ulanmak gowşaklygy (use after free)- CVE-2021-37982;
Dev Tools gurallar toplumynda boşadylan ýady ulanmak gowşaklygy (use after free) - CVE-2021-37983;
PDFium hereketlendirijisinde buferiň aşa dolmagy gowşaklygy - CVE-2021-37984;
V8 hereketlendirijisinde boşadylan ýady ulanmak gowşaklygy (use after free) - CVE-2021-37985;
Sazlamalarda buferiň aşa dolmagy gowşaklygy - CVE-2021-37986;
Network API interfeýsinde boşadylan ýady ulanmak gowşaklygy (use after free) - CVE-2021-37987;
Profillerde boşadylan ýady ulanmak gowşaklygy (use after free) - CVE-2021-37988;
Blink hereketlendirijisiniň ýalňyş işlemegi bilen baglanyşykly gowşaklygy - CVE-2021-37989;
WebView ulgam düzüm böleginde ýalňyş işlemegi bilen baglanyşykly gowşaklygy - CVE-2021-37990;
V8 hereketlendirijisinde ýaryş ýagdaýyna getirýän (Race condition) ýalňyşlyk - CVE-2021-37991;
WebAudio düzüm böleginiň ýadyň çäklerinden daşary okamak gowşaklygy (out of bounds read) - CVE-2021-37992;
PDF Accessibility düzüm böleginde boşadylan ýady ulanmak gowşaklygy (use after free) - CVE-2021-37993;
iFrame Sandbox gurşawynyň ýalňyş işlemegi bilen baglanyşykly gowşaklygy - CVE-2021-37994;
WebApp gurnaýjysynyň ýalňyş işlemegi bilen baglanyşykly gowşaklygy - CVE-2021-37995;
Ýüklemelerde rugsatsyz girizilýän maglumatlary ýalňyş barlamak gowşaklygy - CVE-2021-37996.
27 Oktýabr 2021