WinRAR programmanyň demo wersiýasynda gowşaklyk ýüze çykaryldy
WinRAR bu Windows operasion ulgamynda arhiw faýllaryny dolandyrmak üçin ulanylýan programmasy bolup durýar. Positive Technologies kompaniýasynyň gözlegçileri WinRAR 5.70 wersiýasyny barlamagyň dowamynda gowşaklygy tötänleýin ýüze çykardylar. Gowşaklyga CVE-2021-35052 indentifikatory berildi. Bu gowşaklyk ýaramaz niýetli ulanyja programmany ulanýan adaty ulanyja iberilen ýüzlenmeleri tutup almak we üýtgetmek mümkinçilikleri berýär. Netijede, bu gowşaklyk nyşana alnan enjamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin ulanylyp bilner.
Gowşaklyk barada goşmaça maglumaty Positive Technologies kompaniýasynyň web sahypasynda görüp bilersiňiz - ptsecurity.com.
22 Oktýabr 2021