Çarşenbe, 09 Iýul 2025

GPS Daemon (GPSD) ýalňyşlygy wagty 2002-nji ýyla geçirip bilýär

Möhüm infrastrukturanyň (CI) eýeleri we operatorlary, şeýle hem GPS (GPS – Global Positioning System – Global pozisionirlemek ulgamy) enjamlaryndan Bütindünýä koordinirlenen wagt (UTC - Coordinated Universal Time) maglumatlary alýan beýleki ulanyjylar, GPSD 3.20 (2019 ýylyň dekabr aýynyň 31 çykarylan) we 3.22 (2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 8-ne çykarylan) çenli wersiýalary GPS Daemon (GPSD) ýalňyşlygy barada bilmeli.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 24-ne GPSD 3.20–3.22 gowşak wersiýalaryny ulanýan Network Time Protocol (NTP) serwerleri senäni 1024 hepde - 2002-nji ýylyň mart aýyna çenli gaýtaryp bilýärler, bu bolsa ulgamlaryň we hyzmatlaryň elýeterli bolmazlygyna ýa-da jogap bermezligine getirip biler.

GPS enjamlaryndan wagt maglumatlary almak üçin ulanylýan GPSD 3.23 wersiýasy ýokarda agzalan meseläni aýyrmak üçin çykaryldy – gpsd.gitlab.io.

22 Oktýabr 2021

-
94