Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco kompaniýasy IOS XE SD-WAN programma üpjünçiliginde ýokary derejede howply gowşaklygy (CVE-2021-1529) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Autentifikasiýa barlagyndan geçen ýaramaz niýetli ulanyjy lokal görnüşde bu gowşaklygy root hukuklary bilen islendik buýruklary ýerine ýetirmek üçin ulanyp biler.

Şeýle hem, Cisco kompaniýasy Cisco IOS XR programma üpjünçiligine, Cisco Webex, Cisco TelePresence Management Suite (TMS), Cisco Tetration, Cisco Identity Services Engine (ISE), Cisco Integrated Management Controller (IMC), Cisco Meeting Server önümlerine täsir edýän orta derejede howply gowşaklyklar üçin düzedişler çykardy.

Düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.

22 Oktýabr 2021

-
92