Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Windows, Mac we Linux ulgamlary üçin Chrome 95.0.4638.54 wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek we gizlin maglumatlary aýan etmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklaryny aýyrýar. Bu täzelenme 19 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi barada habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com.
20 Oktýabr 2021