Cisco howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy önümleriniň gowşaklyklaryny düzetmek üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär.
Gowşaklyklar we howpsuzlyk täzelenmeleri barada has giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen Cisco kompaniýanyň howpsuzlyk maslahatlarynda görmek mümkin:
• Cisco Small Business RV160, RV160W, RV260, RV260P we RV260W VPN marşrutizatorlarynda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýän gowşaklyklar cisco-sa-rv160-260-rce-XzeFkNHf
• Cisco önümlerine täsir edýän Sudo programmanyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy cisco-sa-sudo-privesc-jan2021-qnYQfcM
• Cisco IOS XR programma üpjünçiliginde "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" (DoS) ýagdaýyna getirýän gowşaklyk cisco-sa-xripv6-spJem78K
• Cisco Small Business RV160, RV160W, RV260, RV260P we RV260W VPN marşrutizatorlarynda erkin faýl ýazmak mümkinçiligini berýän gowşaklyk cisco-sa-rv160-260-filewrite-7x9mnKjn
• Cisco Small Business RV tapgyrly marşrutizatorlarynyň dolandyryş interfeýsiniň "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyny getirýän hem-de uzaklykdan buýruk ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýän gowşaklyklar cisco-sa-rv-overflow-ghZP68y
• Cisco Small Business RV tapgyrly marşrutizatorlarynyň dolandyryş interfeýsiniň buýruk girizmek mümkinçiligini berýän gowşaklyklar cisco-sa-rv-command-inject-BY4c5zd
• Cisco 8000 tapgyrly marşrutizatorlary üçin Cisco IOS XR programma üpjünçiliginiň hem-de Cisco Network convergence system ulgamynyň 540 tapgyrly marşrutizatorlarynyň gowşaklyklary cisco-sa-ioxr-l-zNhcGCBt
• Cisco 8000 tapgyrly marşrutizatorlary üçin Cisco IOS XR programma üpjünçiliginiň hem-de Cisco Network convergence system ulgamynyň 540 tapgyrly marşrutizatorlarynyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy cisco-sa-iosxr-pe-QpzCAePe
• Cisco IOS XR programma üpjünçiliginde "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyny getirýän gowşaklyk cisco-sa-iosxr-dos-WwDdghs2
05 Fewral 2021