Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Chrome üçin niýetlenen Nano Adblocker we Nano Defender giňeltmelerine zyýanly kod goşuldy

300 müňden gowrak adam tarapyndan ulanylýan mahabatlary petiklemek üçin niýetlenen giňeltmeler maglumatlaryň gizlin görnüşde syzmagyna getirip, ulanyjylaryň sosial ulgamlardaky akkauntlaryna aralaşmaga synanyşýardylar. Bu mesele birnäçe hepde öň täze eýesi tarapyndan girizilen zyýanly koduň netijesinde ýüze çykdy.

Nano Adblocker we Nano Defender giňeltmeleriň döredijisi Hugo Sýu Chrome Web Store dükanynda ýerleşýän giňeltmeleriň Chrome wersiýalaryna bolan hukuklaryny satmak kararyna geldi.

Emma giňeltmeleriň täze "eýesi" programma üpjünçiligine zyýanly kody goşdy. Bu programmanyň zyýanly düzümi barada UBlock Origin döredijisi Reýmond Hill beýan etdi.

Çeşme: anti-malware.ru

20 Oktýabr 2021

-
343