Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Palo Alto Networks kompaniýasy önümleriniň gowşaklyklaryny düzetdi

Palo Alto Networks kompaniýasy PAN-OS we GlobalProtect önümleriniň howpsuzlyk gowşaklyklaryny aýyrmak üçin düzedişleriň çykarylandygy barada habar berdi. Täzelenmeler aşakda görkezilen meseleleri düzedýärler:

CVE-2020-1968 - Raccoon CVE-2020-1968 gowşaklygy PAN-OS ulgamyna täsir edýän gowşaklyk bolup, onuň üstünlikli ulanylmagy TLS-baglanyşyklaryň üsti bilen şifrlenen trafigi tutup almak mümkinçiligini berip bilýär.

CVE-2021-3057 - Palo Alto Networks GlobalProtect programma üpjünçiliginde buferiň aşa dolmagy gowşaklygy bolup, ulgam prosesleri bozmak we SYSTEM hukuklary bilen erkin kod ýerine ýetirmek mümkinçilikleri berýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Palo Alto Networks howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz - paloaltonetworks.com.

19 Oktýabr 2021

-
101