Çarşenbe, 09 Iýul 2025

ESET Android üçin niýetlenen NoxPlayer programmanyň döwlendigi barada habar berdi

ESET Antiwirus kompaniýanyň bilermenleriniň habar bermegine görä, oýunlara gatnaşýanlaryň arasynda meşhur NoxPlayer programmanyň täzelemek mehanizmi nyşana alynyp, onuň täzelenmeler toplumyna kiberhadysa amala aşyryldy.

NoxPlayer programmasy BigNox tarapyndan işlenip düzüldi we Windows we Mac operasion ulgamlary bilen işleýän kompýuterlerde Android programmalaryny işletmek üçin döredildi. Dünýä boýunça programmany ulanýanlaryň sany 150 million adamdan geçýär.

Bilermenler ulanyjylara iberilen zyýanly programma üpjünçiligi ulanyjylary yzarlamak hem-de oýunlara gatnaşýanlar barada maglumatlary ýygnamak üçin döredilendigi barada netijä geldiler. Zyýanly programma üpjünçiligi bilen zäherlenmek prosesi programmanyň täzelemek mehanizmi arkaly amala aşyrylýar. Ulanyjy NoxPlayer-iň täze wersiýasyny gurnamak üçin rugsat berende, zyýanly programma üpjünçiligi ulgama ýüklenilýär.

Zyýanly programmany ýükläp, alan NoxPlayer ulanyjylaryna programmany aýyrmak ýa-da ygtybarly göterijiden adaty görnüşde programmany täzeden gurnamagy maslahat berilýär. Uzak wagtlap täzelenmedikler ulanyjylar üçin ESET kompaniýanyň işgärleri howpuň ýok edilmegi barada BigNox-dan resmi habara garaşmagy maslahat berýärler.

Çeşme: securitylab.ru

02 Fewral 2021

-
77