Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft Edge täzelenmesi köp sanly gowşaklyklary düzetdi

Microsoft Edge brauzeri Microsoft kompaniýasy tarapyndan döredilen Chromium esasyndaky internet brauzeri bolup, deslapky görnüşde ähli täze Windows kompýuterlerinde gurnalýar. Microsoft Edge brauzeriň köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Gowşaklyklar Microsoft Edge 94.0.992.47 wersiýasyna çenli çykan ähli wersiýalara täsir edýärler. Gowşaklyklar barada giňişleýin maglumat:

  • Garbage Collection düzüm böleginde boşadylan ýady ulanmak gowşaklygy (use after free) – CVE-2021-37977;

  • Blink hereketlendirijisiniň buferiň aşa dolmagy gowşaklygy - CVE-2021-37978;

  • WebRTC düzüm böleginiň buferiň aşa dolmagy gowşaklygy - CVE-2021-37979;

  • Sandbox gurşawynyň ýalňyş işlemegi bilen baglanyşykly gowşaklyk - CVE-2021-37980.

13 Oktýabr 2021

-
118