Apple howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Apple kompaniýasy iPhone we iPad önümlerine täsir edýän 0-day gowşaklygy aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Bu gowşaklyk (CVE-2021-30883) ýada zyýan ýetirmek ýalňyşlygy bolup, IOMobileFrameBuffer düzüm böleginde saklanýar we zyýanly programma üçin gowşak enjamlarda ýadronyň hukuklary bilen erkin kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär.
Ulanyjylara Apple kompaniýanyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasy bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - iOS 15.0.2, iPadOS 15.0.2.
12 Oktýabr 2021