2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler
Google kompaniýasy 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda üç sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2021-10-01) çykmagy bilen jemi 10 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Android-programmalary ýerine ýetirmek gurşawynda (Android runtime), Framework, Media Framework we System düzüm böleklerinde düzedildi, gowşaklyklaryň ählisi üçin ýokary derejede howply diýip baha berildi. Bu gowşaklyklara bäş sany hukuklary artdyrmak, üç sany maglumatlary aýan etmek gowşaklyklary we iki sany "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklyklary girýärler.
2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2021-10-05) System, Kernel, Telecommunication we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 41 sany gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Kernel, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 20 gowşaklyklary aýyrýan Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykarylandygy barada habar berdi.
05 Oktýabr 2021