Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft Edge täzelenmesi köp sanly gowşaklyklary düzetdi

Microsoft Edge brauzeri Microsoft kompaniýasy tarapyndan döredilen Chromium esasyndaky internet brauzeri bolup, deslapky görnüşde ähli täze Windows kompýuterlerinde gurnalýar. Microsoft Edge brauzeriň köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Gowşaklyklar Microsoft Edge 94.0.992.38 wersiýasyna çenli çykan ähli wersiýalara täsir edýärler. Gowşaklyklar barada giňişleýin maglumat:

  • Safe Browsing hyzmatynyň boşadylan ýady ulanmak gowşaklygy (use after free) – CVE-2021-37974;
  • V8 hereketlendirijisine täsir edýän boşadylan ýady ulanmak gowşaklygy (use after free) – CVE-2021-37975;
  • Ýadroda maglumatlaryň syzmagyna getirýän gowşaklyk – CVE-2021-37976.

 

05 Oktýabr 2021

-
97