Adobe kompaniýasy Windows 10 ulanyjylara Flash Player programma üpjünçiligi aýyrmak zerurlygy barada duýdurýar
2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 31-ne Adobe Flash Player goldawy hemişelik bes edilýär. Bleeping Computer habarçylary Windows ulanyjylary häzir Adobe kompaniýanyň Flash Player programma üpjünçiligi aýyrmak üçin maslahat berýän duýduryşlaryny görüp bilýändikleri barada üns berdiler.
Habarda bellenip geçilmegine görä, şu maksat bilen Flash Player “Adobe Flash Player PPAPI Notifier” atly meýilleşdirilen wezipäni emele getirýär, bu wezipe aşakda görkezilen buýrugy ýerine ýetirýär:
"C:\Windows\SysWOW64\Macromed\Flash\FlashUtil32_32_0_0_465_pepper.exe" -update pepperplugin
Buýruk ýerine ýetirilende, Adobe Flash Player ulanylandygy üçin adamlara minnetdarlyk bildirýän we geljek goldawyň bes edilmegi sebäpli programmany aýyrmagy maslahat berýän habar görkezilýär.
Şeýle hem, Adobe kompaniýasy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 12-den başlap, islendik Flash-kontentiň açylmagy petiklenjekdigi barada habar berdi.
Çeşme: xaker.ru
04 Ýanwar 2021