Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Siemens kompaniýasy Solid Edge önüminiň birnäçe gowşaklyklaryny düzetdi

Siemens kompaniýasy Solid Edge programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny düzetmek üçin täze wersiýasyny çykardy. Gowşaklyklar faýllary işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly bolup, programma IFC, JT ýa-da OBJ formatlarda faýllary okanda bu gowşaklyklardan peýdalanmak mümkin.

Gowşak programmany ulanýan adaty ulanyjy zyýanly faýly açan ýagdaýynda, nyşana alnan ulgamda programmanyň işinde bökdençligiň döremegine ýa-da erkin koduň ýerine ýetirilmegine getirip bilýär.

Siemens soňky çykan täzelenmäni gurnamagy we degişli önümlerde näbelli çeşmelerden faýllary açmagy çäklendirmegi maslahat berýär – siemens.com.

30 Sentýabr 2021

-
106