Trend Micro kompaniýasy serwer goramak üçin niýetlenen çözgüdiniň örän howply gowşaklygyny aýyrdy
Trend Micro kompaniýasy Trend Micro ServerProtect önüminiň örän howply autentifikasiýa barlagy aýlanyp geçmek gowşaklygy üçin düzedişleri çykardy.
Howpsuzlyk gowşaklygy üçin CVE-2021-36745 identifikatory bilen CVSS-görkezijisi boýunça 9.8 derejesi berildi. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan gowşak ulgamda autentifikasiýa barlagy aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler.
Trend Micro kompaniýasynyň bellemegine görä, bu gowşaklyk Windows üçin niýetlenen ServerProtect for Storage (SPFS) 6.0, ServerProtect for EMC Celerra (SPEMC) 5.8, ServerProtect for Network Appliance Filers (SPNAF) 5.8, we ServerProtect for Microsoft Windows/Novell Netware (SPNT) 5.8 önümlerine täsir edýär.
Häzirki wagtda ähli gowşak wersiýalar üçin düzedişler çykaryldy we ulanyjylara gysga wagtyň içinde gurnamalaryny täzelemegi maslahat berilýär – trendmicro.com.
Çeşme: securityweek.com
29 Sentýabr 2021