QNAP kompaniýasy QVR önüminiň örän howply ýalňyşlyklaryny düzetdi
NAS-enjamlary (Network-attached storage) öndürýän QNAP kompaniýasy islendik buýruklary ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýän örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin QVR wideomaglumatlary bilen işlemek üçin niýetlenen ulgamy üçin düzedişi çykardy.
QNAP kompaniýasy QVR wideogözegçilik üçin niýetlenen programma üpjünçiliginde üç sany buýruklary girizmek gowşaklyklary (CVE-2021-34351, CVE-2021-34348, CVE-2021-34349) düzedilendigi barada habar berdi.
QNAP kompaniýasy örän howply gowşaklyklaryň QVR bilen işleýän belli bir ulanyşdan çykarylan (EOL) QNAP enjamlaryna täsir edýändikleri barada belläp geçdi. QNAP bu gowşaklyklary QVR 5.1.5 build 20210803 täzelenmesini çykarmak bilen düzetdi.
Çeşme: bleepingcomputer.com
28 Sentýabr 2021