Howply Emotet botneti zyýansyzlandyryldy
Häzirki wagtda iň howply Emotet botnetiň infrastrukturasy Ýewropol we Ýewroýust tarapyndan utgaşdyrylan işiň çäginde ýatyryldy. Niderlandlar, Germaniýa, Fransiýa, Litwa, Ukraina, Beýik Britaniýa, ABŞ we Kanada ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde hünärmenler botnetiň serwerlerini ele almagy, ähli infrastrukturasyny öçürmegi we zyýanly işleri bes etmegi başardylar.
Emotet ilkinji gezek 2014-nji ýylda bank troýany hökmünde ýüze çykaryldy, emma soňra dünýäniň iň zyýanly torlarynyň birine öwrüldi. Bu botnet Windows ulgamy bilen işleýän kompýuterlere bekdor (programma üpjünçiliginde ýörite galdyrylan kemçilik bolmak bilen, ulgama rugsatsyz aralaşana ulgamyň eýesiniň edip bilýän ähli hereketlerini etmäge, emma uzaklykdan etmäge mümkinçilik berýär) gurnamak arkaly ýaýraýar. Munuň üçin zyýanly programma üpjünçiligi bilen Word resminamalary özünde jemleýän fişing hatlary ulanylýar.
Ýewropol-yň beýan etmegine görä, Emotet infrastrukturasy dürli funksiýalary, şol sanda zäherlenen kompýuterleri dolandyrmak, täze ulgamlary zäherlemek we ş.m. funksiýalary amala aşyrýan ýüzlerçe serwerleri öz içinde alýardy. Hukuk goraýjylar dünýädäki ýüzlerçe serwerden ybarat Emotet infrastrukturasyny ele aldylar.
28 Ýanwar 2021