Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär.
Bu täzelenmeler üç sany örän howply gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar:
Cisco IOS XE SD-WAN programma üpjünçiliginiň buferiň aşa dolmagyna getirýän gowşaklygy - CVE-2021-34727;
Cisco IOS XE programma üpjünçiliginiň uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy - CVE-2021-34770;
Cisco IOS XE programma üpjünçiliginiň autentifikasiýa barlagy aýlanyp geçmek gowşaklygy – CVE-2021-1619.
Şeýle hem, Cisco kompaniýasy Cisco IOS XE, Cisco IOS XE SD-WAN, Cisco SD-WAN, Cisco SD-WAN vManage, Cisco Embedded Wireless Controller önümlerine, Cisco Access Point (AP) platformalaryna, birnäçe Cisco operasion ulgamlaryna, Cisco ASR 900 we ASR 920 tapgyrly routerlerine täsir edýän ýokary we orta derejede howply gowşaklyklary üçin düzedişleri çykardy. Düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.
23 Sentýabr 2021