VMware howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
VMware kompaniýasy VMware vCenter Server önüminiň birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklaryny aradan aýyrmak üçin täzelenmelerini köpçülige çykardy. VMware vCenter - bu VMware wirtual infrastrukturasy üçin niýetlenen merkezleşdirilen dolandyryş platformasy bolup durýar.
Iň howply ýalňyşlyk üçin CVE-2021-22005 identifikatory we CVSS 3.1 - görkezijisi boýunça 9,8 derejesi berildi. Bu gowşaklyk ýörite döredilen faýly ýüklemek arkaly gowşak vCenter Server önüminde kod ýerine ýetirmek üçin ulanylyp bilner.
VMware ulanyjylara gysga wagtyň içinde täzelenmeleri gurnamagy ýa-da wagtlaýyn çözgütleri ulanmagy maslahat berýär.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty VMware howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - VMSA-2021-0020.
22 Sentýabr 2021