AMD çipset draýweriň gowşaklygy gizlin maglumatlary almak mümkinçiligini berip bilýär
AMD kompaniýasy nyşana alnan ulgamdan gizlin maglumatlary almak mümkinçiligini berýän draýweriň gowşaklygyny aýyrdy.
Bu ýalňyşlyk üçin CVE-2021-26333 identifikatory bilen orta derejede howply diýip baha berildi. Gowşaklyk birnäçe wideokartalarda we prosessorlarda ulanylýan AMD Platform Security Prosessor (PSP) çipset draýwerine täsir edýär.
AMD kompaniýanyň maglumatyna görä, gowşaklyk maglumatlary aýan etmek meselesi bolup, bu gowşaklygyň kömegi bilen ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda pes hukuklary bilen «draýwere ýüzlenmeleri iberip, maglumatlaryň syzmagyna getirip bilýär».
AMD ulanyjylara PSP draýwerini Windows Update arkaly 5.17.0.0 wersiýasyna täzelemegi ýa-da AMD Chipset Driver 3.08.17.735 wersiýasyna täzelemegi maslahat berdi.
Çeşme: securityweek.com
20 Sentýabr 2021