Microsoft kompaniýasy Windows 10 2004 wersiýasynyň goldawy dekabr aýynda gutarýandygy barada habar berdi
Microsoft kompaniýasy ulanyjylara 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 14-ne operasion ulgamynyň Windows 10 2004 we Windows Server 2004 wersiýalarynyň goldawy gutarýandygy barada ýatlatdy.
«2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 14-den başlap bu neşirler üçin howpsuzlyk täzelenmeleriň çykarylmagy bes edilýär» - diýip Microsoft belläp geçdi [1, 2]. «Bu seneden başlap Microsoft goldawy boýunça ýüz tutýan ulanyjylara goldawyň üpjün edilmegi üçin enjamlaryny Windows 10 ulgamyň iň soňky wersiýasyna täzelemegi maslahat berler.»
Microsoft häzirki wagtda Windows 10 2004 ulanýan ulanyjylara May 2021 Update (Windows 10 21H1), ýagny Windows ulgamynyň Maý aýynyň wersiýasyny gurnamagy maslahat berýär. Windows 10 21H1 wersiýasynyň ähli neşirleriniň goldawy indiki ýylyň dekabr aýynyň 13-ne tamamlanar.
Şeýle hem, Microsoft kompaniýasy operasion ulgamyň Windows 10 2004 wersiýasyny Windows 10 21H1 wersiýasyna awtomatik görnüşde täzeläp başlandygy barada duýdurdy.
Çeşme: bleepingcomputer.com
16 Sentýabr 2021