Microsoft kompaniýasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 60-dan gowrak gowşaklyklary düzetdi, olaryň arasynda 3 sany gowşaklyklara örän howply, 56 sany gowşaklyklara howply we 1 sany gowşaklyga orta derejede howply diýip baha berildi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 27 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 2 - howpsuzlyk funksiýalary aýlanyp geçmek, 16 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 11 – maglumatlary aýan etmek, 1 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 8 - spoofing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» iki sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
CVE-2021-36968 - Windows DNS hyzmatynyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy
CVE-2021-40444 - Microsoft MSHTML düzüm böleginiň uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
15 Sentýabr 2021