Fortinet kompaniýasy birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy ulgama girmek we ony dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.
Ulanyjylara howpsuzlyk maslahatlary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär:
FortiAuthenticator önüminiň buýruklary girizmek gowşaklygy (CVE-2021-26116) – FG-IR-21-068
Linux ulgamy üçin niýetlenen FortiClient önüminiň buýruklary girizmek gowşaklygy (CVE-2021-22127) - FG-IR-20-241
FortiManager önüminiň ýalňyş autentifikasiýa barlagy bilen baglanyşykly gowşaklygy (CVE-2021-24017) - FG-IR-20-189
FortiManager önüminiň erkin kod ýerine ýetirmek gowşaklygy (CVE-2021-24016) – FG-IR-20-190
FortiOS ulgamynyň maglumatlary aýan etmek gowşaklygy (CVE-2021-32600) – FG-IR-20-243
FortiGate önüminde rugsatsyz kod ýa-da buýruklary ýerine ýetirmek gowşaklygy (CVE-2021-36169) – FG-IR-21-091
FortiOS ulgamynyň maglumatlary aýan etmek gowşaklygy (CVE-2019-17655) - FG-IR-19-217
FortiSandbox önüminde maglumatlary aýan etmek gowşaklygy (CVE-2020-29012) – FG-IR-20-070
FortiWeb önüminde rugsatsyz kod ýa-da buýruklary ýerine ýetirmek gowşaklygy (CVE-2021-36179) – FG-IR-20-206
FortiWeb önüminde operasion ulgamynyň buýruklaryny girizmek gowşaklygy (CVE-2021-36182) – FG-IR-21-047
FortiSandbox önüminde "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklygy (CVE-2020-29013) – FG-IR-20-178.
14 Sentýabr 2021