Microsoft kompaniýasy Azure Container Instances hyzmatynyň ýalňyşlygyny düzetdi
Palo Alto Networks bilermenleri Azurescape diýip atlandyrylan gowşaklyk barada habar berdiler. Bu mesele bulutda programma üpjünçiliginiň paketini (konteýnerleri) açyp, işletmek mümkinçiligini berýän Azure Container Instances atly bulut hyzmatyna täsir edýärdi.
Gowşaklyk zyýanly konteýnerlere platformanyň ulanyjylaryna degişli beýleki konteýnerleri ogurlamak mümkinçiligini berýärdi. Azurescape gowşaklygyň ulanylmagy başga ulanyjylaryň konteýnerlerinde buýruklary ýerine ýetirmek we beýleki ulanyjylaryň ähli maglumatlaryny almak mümkinçilikleri berýär. Bu ýalňyşlyk beýleki ulanyjylaryň konteýnerlerinde kod ýerine ýetirmek, gizlin maglumatlary ogurlamak, şeýle hem maýner-programmalary we beýleki zyýanly programma üpjünçiligi gurnamak üçin ulanylan bolmagy mümkin.
Microsoft kompaniýasy ulanyjylaryna 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 31-ne çenli platformada ýerleşdirilen konteýnerler üçin aýratyn hukukly hasaba alyş ýazgylary üýtgetmek gerekdigi barada duýdurdy.
Çeşme: xakep.ru
13 Sentýabr 2021