Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Yandex hyzmatlaryna gönükdirilen DDoS-hadysasy barada habar berdi

Yandex bilermenleri internet hyzmatlaryna gönükdirilen uly göwrümli DDoS-hadysasy boýunça gözlegiň netijelerini neşir etdiler. Hünärmenleriň netijelerine görä, bu kiberhadysa bir hepde dowam edip, bir sekuntda gelen ýüzlenmeleriň sany 21,8 milliona ýetdi (requests per second - RPS). Bu kiberhadysanyň Mēris botnetinden gelip çykandygy kesgitlenildi.

Kompaniýanyň belläp geçmegine görä, 21,8 million RPS görkezijisi bilen bu DDoS-kiberhadysany internetiň taryhynda iň uly diýip aýdyp bolýar. Mēris botneti Latwiýanyň MikroTik kompaniýasynyň tor enjamlarynyň gowşaklygyndan peýdalanmak arkaly emele geldi. Yandex hünärmenleri Mēris botneti Russiýa döwletinde ýerleşýän enjamlaryndan daşary, Täze Zelandiýada we ABŞ-da ýerleşýän enjamlaryna gönükdirilen DdoS-hadysalary amala aşyrmak üçin ulanylan bolmagy mümkin diýip bellediler.

Botnetiň ilkinji alamatlary 2021-nji ýylyň iýun aýynda Qrator Labs kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan ýüze çykaryldy. Olar şol wagt Mēris botnetiň düzümine 30 müň sany zäherlenen enjamlaryň girýändigini anykladylar. Yandex-yň anyklamagyna görä, zäherlenen enjamlaryň sany azyndan 55 müňe ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, iki kompaniýanyň bilermenleri botnetiň düzüminde 200 müňden gowrak enjamlaryň bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Şeýle hem, olar Mēris botnetiň düzümine girýän enjamlar Ethernet-baglanyşygy bilen birikdirilen bolmagy mümkin diýip pikir edýärler.

Yandex hyzmatlaryna gönükdirilen uly göwrümli DDoS-hadysasy bir hepde dowam edip, görkezijiler sentýabr aýynyň 5-ne iň ýokary derejäni, ýagny bir sekuntda 21,8 million ýüzlenmeleriň (RPS) gelendigini görkezdiler. Kompaniýa bu kiberhadysany zyýansyzlandyryp, ulanyjylaryň maglumatlarynyň syzmagyny öňüni aldylar we hyzmatlaryň durnukly işlemegini üpjün etdiler. Yandex hünärmenleri Mēris botnetiniň eýeleri häzirki wagtda botnetiň ähli mümkinçiliklerinden doly peýdalanmadylar diýip ynanýarlar.

Çeşme: 3dnews.ru

11 Sentýabr 2021

-
112