Google kompaniýanyň Android howpsuzlyk täzelenmeleri 40 sany gowşaklyklary aýyrdylar
Google kompaniýasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň Android howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy jemi 40 sany gowşaklyklary, şol sanda ýedi sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2021-09-01) çykmagy bilen jemi 16 sany meseleler, şol sanda Framework düzüm böleginiň "Hyzmat etmekden ýüz öwürmek" ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklygy düzedildi. Bu howpsuzlyk ýalňyşlygy üçin CVE-2021-0687 identifikatory berildi, gowşaklyk Android 8.1, 9, 10 we 11 wersiýalaryna täsir edýär.
Framework düzüm böleginiň alty sany ýokary derejede howply gowşaklyklary düzedildi. Bu gowşaklyklara bäş sany hukuklary artdyrmak we bir sany maglumatlary aýan etmek gowşaklyklary girýärler.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Media framework düzüm böleginiň iki sany ýokary derejede howply maglumatlary aýan etmek gowşaklyklary we System düzüm böleginiň ýedi sany gowşaklyklary üçin düzedişleri çykardy.
Şu aýyň Android düzedişleriň düzümine Google Play ulgamynyň CVE-2021-0690 gowşaklygyny aýyrmak üçin täzelenmesi hem girýär.
2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2021-09-05) Kernel, MediaTek, Unisoc, Qualcomm ulgam düzüm böleklerinde jemi 23 sany gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Kernel, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi dokuz sany gowşaklyklary aýyrýan Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykarylandygy barada habar berdi.
Çeşme: securityweek.com
10 Sentýabr 2021