Zoho kompaniýasy ADSelfService Plus önümi üçin howpsuzlyk täzelenmesini köpçülige çykardy
Zoho kompaniýasy ManageEngine ADSelfService Plus önüminiň 6113 we has irki gurnamalaryna täsir edýän gowşaklygy (CVE-2021-40539) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy. CVE-2021-40539 gowşaklygy kiberhadysalarda ulanylýandygy ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. ManageEngine ADSelfService Plus - bu Active Directory we bulut programmalary üçin niýetlenen açar sözleri özbaşdak dolandyrmak we ýeke-täk giriş (SSO) çözgüdi bolup durýar.
Ulanyjylara goşmaça maglumat üçin Zoho howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, ADSelfService Plus 6114 täzelenmesini gurnamagy maslahat berilýär – manageengine.com.
09 Sentýabr 2021