19 müňden gowrak Android programmalary ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny aýan edip bilýärler
Avast antivirus kompaniýasynyň gözlegçileri 19 300-den gowrak howply Android programmalary ýüze çykardylar. Bilermenleriň sözlerine görä, bu görnüşli programma üpjünçiligi Firebase maglumatlar binýadynyň ýalňyş sazlamalary sebäpli ulanyjylaryň gizlin maglumatlaryny aýan edip bilýärler.
Firebase maglumatlar binýady oýunlar, maşklar, poçta we iýmiti eltip bermek üçin niýetlenen programmalaryň maglumatlaryny saklamak mümkinçiligini berýändigi sebäpli wajyp maglumatlar howp astynda galýarlar. Ýaramaz niýetli ulanyjy ýalňyş sazlamalary ulanan ýagdaýynda, ulanyjylaryň atlary, doglan seneleri, telefon belgileri, ýerleşýän ýeriniň maglumatlary, tokenler, açarlar we ş.m. maglumatlary alyp biler.
Programma döredijileri Android programmalary döretmek üçin Firebase platformasyny ulanýarlar, emma howpsuzlyk meselelerine üns bermän bilýärler. Mysal üçin, Avast-yň geçiren barlagyna görä, öwrenilenen Firebase nusgalaryň 10% -den gowragy keseki programma döredijiler üçin açyk we elýeterlidir. Umuman, gözlegçiler 180 300 nusgalary gözden geçirdiler.
«Biz ähli Android programma döredijilere maglumat binýatlaryny barlamagy maslahat berýäris» - diýip Avast-da belläp geçdiler.
Çeşme: anti-malware.ru
08 Sentýabr 2021