Microsoft CVE-2021-40444 gowşaklygy üçin howplaryň öňüni alyş çäreleri we wagtlaýyn çözgütleri çykardy
Microsoft kompaniýasy Microsoft Windows ulgamynyň uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygyndan (CVE-2021-40444) goranmak üçin niýetlenen howplaryň öňüni alyş çäreleri we wagtlaýyn çözgütleri barada beýan edýän maglumaty köpçülige çykardy. Bu gowşaklygyň ulanylmagy ýaramaz niýetli ulanyjy üçin uzaklykdan gowşak ulgamy ele geçirmek mümkinçiligini berip bilýär. Bu gowşaklyk kiberhadysalarda ulanylýandygy ýüze çykaryldy.
Ulanyjylara Microsoft howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, howplaryň öňüni alyş çäreleri we wagtlaýyn çözgütleri ulanmagy maslahat berilýär - microsoft.com.
08 Sentýabr 2021