Netgear kompaniýasy akylly swiçleriň howply howpsuzlyk ýalňyşlyklaryny düzetdi
Netgear kompaniýasy örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin edaralaryň torlarynda ulanylýan akylly swiçleri üçin programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykardy.
Kompaniýa 20 sany Netgear önümlerine täsir edýän üç sany howpsuzlyk gowşaklyklaryny düzetdi. Gowşaklyklaryň ikisi üçin giňişleýin tehniki maglumatlary we gowşaklygy ulanmak üçin eksploitlaryň işleýän kodlary (PoC) köpçülige çykaryldy.
Netgear kompaniýanyň howpsuzlyk maslahatynda berilýän maglumatlara görä, birnäçe swiçlerine täsir edýän üç sany howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin programma üpjünçiliginiň täze wersiýalary çykaryldy, bu howpsuzluk gowşaklyklaryň howpuny görkezmek üçin 10-dan 7.4 we 8.8 aralygyndaky derejeler bilen olara baha berildi.
Bu ýalňyşlyklara umumy identifikator belgileri berilmedigi sebäpli Netgear olara PSV-2021-0140, PSV-2021-0144, PSV-2021-0145 belgileri berdi. Gowşak önümleriň köp bölegi akylly swiçler bolup, olaryň birnäçesi bulut arkaly dolandyrmak mümkinçilikleri, ýagny Internetiň üsti bilen sazlamak we dolandyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Netgear howpsuzlyk maslahatynda ýalňyşlyklar barada giňişleýin tehniki maglumatlary beýan edilmeýär, emma «soňky çykan programma üpjünçiligi gysga wagtyň içinde ýüklap almagy maslahat berilýär» - netgear.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
07 Sentýabr 2021