Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Bluetooth-da milliardlarça enjamlara täsir edýän BrakTooth gowşaklyklary ýüze çykaryldy

ASSET Research Group maglumat howpsuzlygy boýunça gözleçiler topary Bluetooth protokolynyň 16 sany gowşaklyklary barada giňişleýin maglumaty neşir etdi. Ýüze çykarylan ýalňyşlyklar birnäçe öndürijilere degişli çip esasynda ulgamy (SoC) ulanýan milliardlarça enjamlara täsir edýärler. Bu gowşaklyklar BrakTooth diýip atlandyrylyp, olary erkin kod ýerine ýetirmek we enjamy ele geçirmek ýaly dürli maksatlar üçin ulanmak mümkin.

Bilermenler gözlegiň dowamynda 11 sany öndürijilere degişli 13 sany çip esasynda ulgamlary (SoC) üçin niýetlenen Bluetooth programma üpjünçiliginiň kitaphanalaryny öwrendiler. Emma soňky gözlegleriň görkezmegine görä, şol bir Bluetooth programma üpjünçiligi 1400-den gowrak çipler bilen bilelikde ulanylýandygy we bu çipler köp sanly enjamlaryň, şol sanda smartfonlaryň, planşetleriň, noutbuklaryň, dürli senagat enjamlaryň we IoT-enjamlaryň esasyny tutýandyklary sebäpli bu mesele has möhüm bolup durýar.

Iň howply gowşaklyk CVE-2021-28139 bolup, onuň ulanylmagy Bluetooth LMP paketleriň üsti bilen uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär. Gowşaklyk Espressif Systems ESP32 mikrokontrolýorlary esasynda gurlan senagat enjamlaryna we akylly enjamlara täsir edýär. Başga bir gowşaklygyň ulanylmagy smartfonlarda we noutbuklarda Bluetooth hyzmatynyň işinde bökdençlik döredip bilýär. Bu mesele Microsoft Surface noutbuklaryna, Dell kompýuterlerine we Qualcomm çipleri esasynda gurlan dürli öndürijileriň smartfonlaryna täsir edýär. Başga bir ýalňyşlygyň ulanylmagy netijesinde enjamyň işinde bökdençlik döredip, enjamy öçürip, täzeden işletmäge ulanyjyny mejbur edip bilýär.

Gözlegçiler ýüze çykarylan gowşaklyklaryň ählisini öndürijilere habar berdiler. Espressif Systems, Infineon we Bluetrun kompaniýalary düzedişleri çykardylar. Beýleki öndürijiler derňewleri geçirmek we düzedişleri işläp taýýarlamak üçin köpräk wagt gerek bolýandygyny habar berdiler.

Çeşme: 3dnews.ru

03 Sentýabr 2021

-
98