Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Apple kompaniýasy iOS, iPadOS we tvOS ulgamlarynyň 0-day gowşaklyklaryny düzetdi

Apple kompaniýasy iOS, iPadOS we tvOS operasion ulgamlarynyň üç sany gowşaklyklary üçin düzedişleri çykardy. Gowşaklyklaryň ählisi (CVE-2021-1782, CVE-2021-1870 we CVE-2021-1871) iPhone 6s üçin niýetlenen iOS 14.4 we iPadOS 14.4 we has täze modellerinde, iPad Air 2 we has täze modellerinde, iPad mini 4 we has täze modellerinde, şeýle hem iPod touch enjamynyň 7-nji neslinde düzedildi. Şeýle hem, Apple TV 4K we Apple TV HD üçin düzedişler çykaryldy.

CVE-2021-1782: bu gowşaklyk operasion ulgamynyň ýadrosyna täsir edýär. Onuň kömegi bilen ulgamda programma üpjünçiligiň hukuklaryny artdyrmak mümkin.

CVE-2021-1870 we CVE-2021-1871: WebKit brauzer hereketlendirijisiniň ýalňyşlyklary bolup, olaryň şowly ulanylmagy uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär.

Çeşme: securitylab.ru

27 Ýanwar 2021

-
80