Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Hewlett packard Enterprise (HPE) kompaniýasy Aruba AirWave dolandyryş platformasynyň gowşaklyklaryny aýyrdy

Hewlett Packard Enterprise (HPE) kompaniýasy autentifikasiýa barlagy aýlanyp geçmek (CVE-2021-3156) we uzaklykdan saýtara skripting (XSS – CVE-2021-37715) amala aşyrmak mümkinçilikleri berýän howpsuzlyk gowşaklyklaryny aýyrýan AirWave dolandyryş platformasynyň täzelenmelerini çykardy. HPE belläp geçmegine görä, gowşaklyklar AirWave dolandyryş platformasynyň 8.2.13.0 wersiýasyndan öň çykan wersiýalara täsir edýär. HPE kompaniýasy HPE AirWave ulanyjylary üçin wagtlaýyn çözgütleri ulanmak hem maslahat berdi.

Gowşaklyklar we täzelenme barada goşmaça maglumaty Hewlett packard Enterprise (HPE) howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – hpe.com.

03 Sentýabr 2021

-
92