Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Wideokartalaryň ýadynda zyýanly programma üpjünçiligi gizlenip bilýär

Hakerler wideokartanyň ýadynda zyýanly kody goşmagyň we saklamagyň usulyny oýlap tapdylar. Bu usul ulanylanda, zyýanly kody antiwirus programmalary bilen hem ýüze çykaryp bolmaýar. Eksploityň nähili işleýändigi barada häzirki wagtda hiç hili maglumat berilmeýär.

Bu eksploity ýazan haker diňe zyýanly programma üpjünçiligi wideoýadyň içine goşup bolýandygy we zyýanly programma üpjünçiligini şol ýerden işledip bolýandygy barada habar berdi. Şeýle hem onuň bellemegine görä, eksploit diňe OpenCL 2.0 we soňky çykan wersiýalary goldaýan Windows operasion ulgamlary bilen işleýär. Ol Intel UHD 620 we UHD 630, şeýle hem Radeon RX 5700, GeForce GTX 1650 we GeForce GTX 740M wideokartalary bilen zyýanly programma üpjünçiliginiň nähili işleýändigini synap görendigi barada hem belledi.

Çeşme: securitylab.ru

01 Sentýabr 2021

-
115