Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Ulanyjylara aşakda görkezilen Cisco howpsuzlyk maslahatlary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär:

Cisco Application Policy Infrastructure Controller maglumat infrastrukturany dolandyrmak üçin niýetlenen serişdäniň islendik faýllary okamak we ýazmak gowşaklygy - CVE-2021-1577;

Cisco NX-OS programma üpjünçiliginde «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklyklary – CVE-2021-1587, CVE-2021-1588;

Cisco Nexus 9000 tapgyrly swiçlerde «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklyklary – CVE-2021-1586, CVE-2021-1523;

Cisco Application Policy Infrastructure Controller maglumat infrastrukturany dolandyrmak üçin niýetlenen serişdäniň hukuklary artdyrmak gowşaklyklary - CVE-2021-1578 , CVE-2021-1579.

27 Awgust 2021

-
85