OpenSSL döredijileri howpsuzlyk täzelenmesini çykardylar
OpenSSL döredijileri 1.1.1k we has irki wersiýalaryna täsir edýän gowşaklyklary (CVE-2021-3711, CVE-2021-3712) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardylar. Ýaramaz niýetli ulanyjy bu gowşaklyklardan peýdalanyp, “Hyzmat etmekden ýüz öwürmek” (DoS) ýagdaýyny getirip bilýär. Bu wersiýalary ulanýan ulanyjylar OpenSSL 1.1.1l wersiýasyna täzelemeli. Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty OpenSSL howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - openssl.org.
26 Awgust 2021