Google Windows ulgamy üçin niýetlenen Golang taslamasynyň howply RCE-gowşaklygyny düzetdi
Şu aý, Google hünärmenleri Golang taslamasynyň (Go programmirleme dili) howply gowşaklygyny düzetdiler. Kemçilik Windows ulanyjylaryna täsir edip, onuň kömegi bilen uzaklykdan erkin kod ýerine ýetirmek mümkin.
CVE-2021-3115 belgisi bilen bellenen RCE-gowşaklygy Windows ulgamynyň ýol (PATH) gözlemek üçin deslapky hereketi sebäpli ýüze çykdy. Hususan-da, gowşaklyk "go get" buýrugynda saklanýar. Google kompaniýanyň habaryna görä, programma döredijileri bu gowşaklygy şu hepde düzetdiler.
Çeşme: anti-malware.ru
27 Ýanwar 2021