Vmware kompaniýasy birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Vmware kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny (CVE-2021-22021, CVE-2021-22022, CVE-2021-22023, CVE-2021-22024, CVE-2021-22025, CVE-2021-22026, CVE-2021-22027, CVE-2021-22029) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Ulanyjylara VMware howpsuzlyk maslahatlary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - VMSA-2021-0017, VMSA-2021-0018, VMSA-2021-0019.
26 Awgust 2021