Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Ulanyjylara aşakda görkezilen Cisco howpsuzlyk maslahatlary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär:

Kiçi edaralar üçin niýetlenen Cisco Small Business RV110W, RV130, RV130W we RV215W routerleriň uzaklykdan buýruklary ýerine ýetirmek we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçilikleri berýän gowşaklygy - CVE-2021-34730;

Birnäçe Cisco önümlerinde maglumatlaryň syzmagyna getirip bilýän gowşaklygy – CVE-2021-34749;

Cisco Secure Email and Web Manager önüminde ygtyýarsyz girmek mümkinçiligini berýän gowşaklygy – CVE-2021-1561;

Cisco Video Surveillance 7000 tapgyrly IP-kameralarda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek (DoS) mümkinçiligini berýän gowşaklygy – CVE-2021-34734;

Cisco Expressway Series we TelePresence Video Communication Server önümlerinde uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýän gowşaklyklary - CVE-2021-34715, CVE-2021-34716.

 

23 Awgust 2021

-
89