ISC guramasy BIND üçin howpsuzlyk maslahatyny çykardy
Internet Systems Consortium (ISC) guramasy Berkeley Internet Name Domain (BIND) atly DNS-serweriň köp sanly wersiýalaryna täsir edýän gowşaklygy (CVE-2021-25218) aýyrmak üçin howpsuzlyk maslahatyny çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny (DoS) getirmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler.
Ulanyjylara ISC howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, zerur bolan täzelenmeleri ýa-da wagtlaýyn çözgütleri ulanmak maslahat berilýär - isc.org.
20 Awgust 2021