Mozilla kompaniýasy Thunderbird üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Mozilla kompaniýasy Thunderbird atly elektron poçta bilen işlemek üçin niýetlenen programmasynyň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmesini köpçülige çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär. Howpsuzlyk gowşaklyklary Thunderbird 91 wersiýasynda düzedildi.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Mozilla howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - Thunderbird 91.
13 Awgust 2021