Microsoft kompaniýasy 2021-nji ýylyň awgust aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2021-nji ýylyň awgust aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde jemi 44 sany gowşaklyklary düzetdi, olaryň arasynda 7 sany gowşaklyga örän howply we 37 sany gowşaklyklara howply diýip baha berildi.
44 sany gowşaklyklaryň arasyndan 13 sany gowşaklyk uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 8 – maglumatlary aýan etmek, 2 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 4 - spoofing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2021-nji ýylyň awgust aýynyň «Sişenbe düzedişleri» üç sany 0-day gowşaklyklary, şol sanda işjeň ulanylýan bir sany gowşaklyk üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
CVE-2021-36936 - Windows Print Spooler, ýagny çap etmek hyzmatynyň uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy
CVE-2021-36942 - Windows LSA düzüm böleginde Spoofing amala aşyrmak mümkinçiligini berýän gowşaklyk
CVE-2021-36948 - Windows Update Medic hyzmatynyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2021-nji ýylyň awgust aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
11 Awgust 2021