Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Näbelli adamlar Intel kompaniýanyň resmi saýtyndan girdejileri barada maglumatlary ogurladylar

Intel kompaniýasy kiberhadysa barada habar berdi, bu kiberhadysanyň çäginde edaranyň 2020-nji ýylyň maliýe netijeleri barada maglumatlar ogurlandy. Ogurlanan maglumat Intel kompaniýanyň entek neşir edilmedik girdejileri barada hasabatynyň bir bölegi bolup durýar.

Intel kompaniýanyň pikirine görä, ýaramaz niýetli ulanyjy ýylyň çärýeginiň gowy görkezijileri barada giňişleýin maglumaty alyp, biržanyň ýapylmagyndan soň bu maglumaty neşir etmek isledi. Bu meseläniň üstüni açyp, kompaniýa bazar ýapylmazyndan alty minut öň girdejileri barada maglumatlary resmi görnüşde aýan etdi.

Intel kompaniýanyň maliýe boýunça baş direktory Jorj Deýwisiň sözlerine görä, ogurlanan infografika kompaniýanyň 4-nji çärýeginiň we 2020-nji ýyyň girdejileri barada maglumat saklaýardy. Ýaramaz niýetli ulanyjylar bu maglumatlary Intel kompaniýanyň habarlary neşir etmek boýunça resmi saýtyndan alyp bildiler.

Çeşme: anti-malware.ru

25 Ýanwar 2021

-
71