Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Ivanti kompaniýasy Pulse Connect Secure önümi üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Ivanti kompaniýasy Pulse Connect Secure (PCS) programma üpjünçiligine täsir edýän gowşaklyklary (CVE-2021-22937, CVE-2021-22933, CVE-2021-22934, CVE-2021-22935, CVE-2021-22936, CVE-2021-22938) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgama dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Pulse Connect Secure önüminiň howpsuzlyk maslahatyna görä, bu gowşaklyklary aýyrmak üçin Pulse Connect Secure programma üpjünçiligini 9.1R12 wersiýasyna täzelemeli.

Ulanyjylara howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - pulsesecure.net.

09 Awgust 2021

-
73