Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Ulanyjylara aşakda görkezilen Cisco howpsuzlyk maslahatlary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär:

Kiçi edaralar üçin niýetlenen Cisco Small Business RV340, RV340W, RV345 we RV345P VPN-routerleriň gowşaklyklary - CVE-2021-1609, CVE-2021-1610

Kiçi edaralar üçin niýetlenen Cisco Small Business RV160 we RV260 tapgyrly VPN-routerleriň uzaklykdan buýruklary ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýän gowşaklygy – CVE-2021-1602

Windows ulgamy üçin niýetlenen Cisco Packet Tracer programmada Dll-inýeksiýa amala aşyrmak mümkinçiligini berýän gowşaklygy – CVE-2021-1593

Cisco Network Services Orchestrator (NSO) iş prosesleri awtomatlaşdyrmak ulgamynyň hukuklary artdyrmak gowşaklygy – CVE-2021-1572

ConfD önüminiň hukuklary artdyrmak gowşaklygy – CVE-2021-1572.

06 Awgust 2021

-
97