Çarşenbe, 09 Iýul 2025

SonicWall önümlerinde 0-day gowşaklygy düzedildi

SonicWall SMA 100 series önümleri guramalaryň işgärlerine içerki çeşmelere uzaklykdan girmek mümkinçiligini berýärler. SonicWall howpsuzlyk toparlary hem-de inženerleri 0-day gowşaklygyň bardygy we bu gowşaklyk SMA 100 series enjamlarynda 10.x wersiýaly programma üpjünçiligi bolan ýagdaýynda täsir edýändigi barada habar berdiler. SonicWall kompaniýasy bu gowşaklygy düzetmek üçin gyssagly düzedişi köpçülige çykardy. SonicWall kompaniýanyň habar bermegine görä, gowşaklygyň ulanylmazlygy üçin bu täzelenme gyssagly ýagdaýda gurnalmalydyr.

Gowşaklyk we täzelenme barada goşmaça maglumaty görkezilen salgy boýunça görüp bilersiňiz: sonicwall.com

04 Fewral 2021

-
70